<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><lyrics>[V1]
 Adam ogly oýa bolgyl,
 Gaflat ukyda kalmagyl,
 Bütin ömrüň aldanmagyl,
 Halas kylar Isa Mesih.

[V2]
 Bu dünýäden umyt etme,
 Ýalançylyga
 ýykgyn etme,
 Hakykatdan eliň çekme,
 Ýol görkezer Isa Mesih.
 Umyt bilen ýüzlen Oňa,
 Ýürekden seslen Oňa,
 Özüňi sen tabşyr Oňa,
 Kabul eder Isa Mesih.

[V3]
 Toba etseň kabul eder,
 Ähli günäleriň öter,
 Durmuşyňy dolandyrar,
 Dynçlyk berer
 Isa Mesih.
 Ýeke-täk ýol hem gutulyş,
 Ruhy baýlyk
 hem ýaşaýyş,

[V4]
 Ölümden soň
 hem direliş,
 Wada berdi Isa Mesih!</lyrics>
<title>Adam ogly oýa bolgyl N1</title>
<hymn_number>1</hymn_number>
</song>